Giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilerler

Şu gün  «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Şoňa laýyklykda, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna goşmaça girizildi. Şeýlelik-de, 19-njy maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinden soň şu mazmunly bent goşuldy:

«Umumybilim edaralaryny we ýörite bilim edaralaryny tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenlere».

«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasy «Raýatlary harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek» diýip atlandyrylýar. Goşmaça girizilen bent degişli raýatlaryň harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmegi göz öňünde tutulýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok