Bitaraplyk syýasatyna berk eýerýän Türkmenistan döwletimiz Hormatly Prezidentimiziň egsilmez sahawaty bilen dünýä ýüzünde parahatlygyň, asudalygyň we agzybirligiň dabaralanýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz taryhy özgertmeleriň, ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Bagt bolup gelýän ýyllarda her bir günümiz toý- baýramlara, şanly wakalara, buşlukly habarlara beslenýär. Toý-baýram hakynda söhbet etmek her bir ynsanyň kalbyny ruhlandyrýar. Toý-baýramyň şatlygy, bagtly pursatlary ynsan kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Biziň hem owadan Diýarymyzda bellenilýän toý-baýramlar özüniň toý joşguny, özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uludan bellenilýän toý-baýramlar eziz Watanymyzy belent ösüşlere besläp, halkymyzy bir supranyň başyna jemleýär. Supra başyna jemlenmek halkymyzyň agzybirligini, ýurdumyzyň parahatlygyny dabaralandyrýar. Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly toýy Diýarymyzyň ähli ýerlerinde toý joşgunyna beslenip bellenilip geçilýär. Bitaraplyk türkmen döwletiniň baş sütünleriniň biridir. Türkmenistan döwletimiziň baky Bitarap ýurt diýip ykrar edilip, oňa halkara hukuk derejesiniň berilmegine 27 ýylyň dolmagy bu ýyllarda halkymyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri hakydaňa dolanda her birimizi buýsandyrýar. Günsaýyn özgerýän obadyr şäherler, dünýä ülňülerine gabat gelýän medeni maksatly binalar, ajaýyp desgalar bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen miweleri. Parahatsöýüjilige, dost-doganlyga esaslanýan baky Bitaraplygymyz goňşuçylyk, myhmansöýerlik, ynsanperwerlik ýollarynyň dowamy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň milli buýsanjy bolan hemişelik Bitaraplygymyz türkmen halkyna bagtyýarlygy, özbaşdaklygy, erkinligi berip öz medeniýetini, sungatyny däp-dessuryny dünýäde dabaralandyrmaga güýç berdi.
Türkmenistan döwletimiziň beýleki döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi, halkara hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilmegi baky Bitaraplygymyzdan gelip çykýan aýdyň maksatlaryň barha rowaçlanýandygynyň beýanydyr. Eziz Watanymyzyň abraý mertebesiniň şeýle belende galmagynda bütin dünýäde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Baky Bitaraplygymyzyň şöhratly ýoly türkmen halkyna eşretli bagtyýar durmuşy peşgeş berdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyna düşünmek we hormat goýmak her bir ynsanyň mukaddes borjy. Bu günki gün ösüşlerden-ösüşlere sary ynamly öňe barýan eziz Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda Halkara Bitaraplyk gününiň 27 ýyllyk toýuna her pudakda işleýän bagtyýar raýatlarymyz özleriniň zähmet üstünlikleri, ýeňişleri bilen sowgatly barýarlar. Şonuň üçin-de diňe bir ýurdumyzyň däl eýsem bütin dünýä bileleşiginiň gymmatlygy bolan Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanyna hem Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bu naýbaşy baýramyň şanyna toýlar uludan tutulýar. Her bir güni, aýy, ýyly bagtyýarlygyň ýakymy bilen nurlanýan parahat Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik tutumly işleri halkymyzy bagtyýar we bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Goý, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, mizemezligini pugtalandyrýan mukaddes Garaşsyzlygymyza, Baky Bitaraplygymyza egsilmez şöhrat bolsun! Halkymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan mekanynda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun! Alyp baýan il-ýurt bähbitli işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Myrat YLÝASOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler