Bagtyýar döwrüň berk binýatly bilim başlangyçlary

Islendik döwletiň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýän ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we ýaş nesilleriň ylym-bilime bolan höwesini artdyrmak boýunça Garaşsyz ýurdumyzda guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Ylmy açyşlaryň, tehnologiki oýlap tapyşlaryň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna içgin aralaşýan döwründe ýaş nesliň ylym-bilime bolan höwes-islegini kanagatlandyrmak, kämil bilim ulgamyny kemala getirmek, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ýaş nesillerde ösen düşünjelerini kemala getirmek bilim hem ylym özgertmeleriniň esasy özeni bolup, täze taryhy eýýamyň baş talaplarydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň utgaşykly ösmegi dünýä ýüzünde ykrar edilen sanly ulgamyň döremegine getirdi. Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny hem hilini baýlaşdyrmak, onuň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu babatda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, döwrebap çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, kitaphanalar, okuw merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bu merkezlerde ähli okuw derslerini, okuw-terbiýeçilik işlerini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, sport bilen meşgullanmak we medeni çäreleri guramak üçin zerur bolan ähli şertler döredilen. Okuw otaglary häzirki zaman multimedia we kompýuter enjamlary, kämil tehnologiýalar, zerur bolan okuw gollanmalary bilen hem doly üpjün edilen. Ýurdumyzda bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa sanly bilim ulgamynyň işjeň ösdürilmegi esasynda gazanylýar.

Eziz Watanymyzyň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, kämil şahsyýetler, ylymly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary mydama rowaçlyklara beslensin!

Şemşat GALANDAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok