Türkmenistanda ýasama partlaýjy maddalary we pirotehniki önümleri öndürilendigi, gaýtadan işlenendigi, satyn alnandygy, saklanandygy, daşalandygy we ulanylandygy üçin jerime ýa-da administratiw taýdan tussag etmek bellener. Bu baradaky «3491» belgili degişli madda Türkmenistanyň administratiw jenaýat kodeksine girizildi we ol resmi metbugatda täze üýtgetmeleriň kanunçylyga girizilen gününden başlap güýje girer. Bu barada «ORIENT news» habar berýär.
Partlaýjy maddalary ulanylan ýagdaýynda, olary taýýarlamak üçin niýetlenen çig maly, gurallary muzdsuz alyp, binýatlyk mukdarynyň 4-8 çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da 10 gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag etme bellenilip bilner.
Bir ýylyň dowamynda gaýtalanan jenaýaty üçin binýatlyk mukdarynyň 6-10 çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da 15 gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag etme göz öňünde tutulýar.
Bu jenaýat 16 ýaşa ýetmedik ýetginjek tarapyndan edilen bolsa, ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara binýatlyk mukdarynyň 2-5 çenli möçberde jerime salynýar.
Maddanyň belliginde ýasama partlaýjy serişdeleri we pirotehniki enjamlary meýletin tabşyran adamlaryň bu jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýandygy barada görkezilýär.
Resmi metbugatda habar çap edilen pursatynda jerime tölemegiň binýatlyk mukdary 100 manada deňdir.
Teswirler