Türkmenistanda şahsy bähbitler üçin ulanylan bilkastlaýyn ýalan mahabat üçin jerime salynar!

Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary kodeksine bilkastlaýyn galp mahabat barada «3121» maddasy goşuldy. Degişli üýtgetme hakyndaky kanun resmi  taýdan türkmen metbugatynda çap edildi we 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär. Bu barada «ORIENT news» habar berýär.

Girizilen goşmaça laýyklykda harytlaryň, eserleriň ýa-da hyzmatlaryň, şeýle hem öndürijileriň, ýerine ýetirijileriň ýa-da satyjylaryň bilkastlaýyn ýalan mahabatyny şahsy bähbitler üçin ulanylandygy üçin administratiw jerime salynmagyna eltýär.

Jerimeleriň mukdary:

– fiziki şahslara – binýatlyk mukdarynyň 30-dan 50 essä çenli,
– wezipeli adamlara – binýatlyk mukdarynyň 40-dan 60 essä çenli,
– ýuridiki şahslara – binýatlyk mukdarynyň 50-den 75 essä çenli möçberde jerime.

Türkmenistanda habaryň çap edilen pursatynda jerime tölemegiň binýatlyk mukdary 100 manatdyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok