Türkmenistan «The Walt Disney Company» bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlanýar

Golaýda, «The Walt Disney Company»-nyň wekili – Merkezi we Gündogar Ýewropa, GDA ýurtlar boýunça baş media direktory Kahaber Abaşidze Türkmenistanyň teleradio gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de DIM-niň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada «ORIENT news» habar berýär.

Gepleşikler sanly ulgam arkaly türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi. «The Walt Disney Company»-nyň wekili Abaşidze media ulgamynda halk köpçüligine dynç alyş mazmunly dürli-dürli şekilli önümleri öndürmekde iň iri kompaniýalaryň biriniň işi, operasion mümkinçilikleri, önümçilik tapgyrlary we iň öňde baryjy brendleri — Disney, Pixar, Marvel, 20th century studios bilen tanyşdyrdy.

Tanyşdyryş duşuşygynyň çäklerinde taraplar bu media-holdingiň golçur kärhanasy bolup durýan «National Geographic» teleýaýlymynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Hususan-da, Türkmenistan barada belli bir ugurlar boýunça kontenti çykarmak üçin «NatGeo media» meýdançasyny ulanmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Türkmen tebigaty barada wideo şekilleri bilelikde surata düşürmegiň geljegi hem maslahatlaşyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok