«Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan» üçtaraplaýyn sammiti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler

Türkiýe Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow saparyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow saparyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy. Ikitaraplaýyn duşuşykda birnäçe sebit meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Mewlüt Çawuşogly Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan» üçtaraplaýyn sammitine görülýän taýýarlyk işleri boýunça pikir alşylandygyny we şol bir wagtda üç ýurduň daşary işler, energetika we ulag ministrleriniň ýygnagynyň geçirilmeginiň peýdaly boljakdygyny mälim etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok