Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşyk Ankaradaky Prezident toplumynda geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow dostlukly ýurduň Prezidenti bilen Türkmenistanda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän üçtaraplaýyn sammitde serediljek meseleler ara alnyp maslahatlaşdy. Duşuşyga şeýle hem Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu hem gatnaşdy.
Teswirler