Nury Halmamedowyň ykbaly baradaky «Kalbyň tarlary» spektakly ilkinji gezek görkeziler

12-nji dekabrda, aýdym-saz eserleri türkmen halkynyň ýüreginde ebedi galan, görnükli türkmen kompozitory Nury Halmamedowyň ykbaly baradaky «Kalbyň tarlary» spektakly ilkinji gezek A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda görkeziler. Bu barada «ORIENT news» habar berýär.

Spektakl Söbhet Serbazowyň we Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň pýesasynyň esasynda režissýor Bilbil Mämmedow tarapyndan goýuldy. «Kalbyň tarlary» atly spektakl arkaly tanymal türkmen kompozitorynyň ýakyn dostlary bolan türkmen halkynyň beýleki beýik şahsyýetleriň keşpleri bilen tanşarlar.

Oýnuň başlanýan wagty 19:00.

Petegiň bahasy 10 manat.

Mundan ozal, «Kalbyň tarlary» atly spektakl Türkmen teatr sungaty» festiwalynyň çäklerinde görkezilip, ol indi halk köpçüligine hödürlenýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, 4-nji dekabrda A.S. Puşkin adyndaky drama teatrynda «Bir ispan gijesi» komediýasynyň ilkinji görkezilişi hem meýilleşdirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok