Tebigatyň goraglylygy – ýaşaýşyň abadanlygy

Eziz ýurdumyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda daşky gurşawy goramak bilen bagly ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşaýşyň gözbaşy bolan tebigaty goramak her birimiziň borjumyzdyr. Çünki adamzadyň ýaşaýşy tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Mähriban ýurdumyzda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin tebigatyň eçilen baýlyklaryndan peýdalanmaga, ony goramaga uly ähmiýet berilýär. Ynsanyň öz ýaşaýşyny tebigatsyz göz öňüne getirmegi mümkin däl. Daş-töweregimizi gurşap alan gözel tebigatymyz biziň öýümizdir, ömür dowamlylygymyzdyr. Belentden-belent dagy-düzi, bag-bossanly ýaýlasy, tereň derýasy, tolkunyp duran deňzi we egsilmez tebigy baýlyklary sahawatly topragymyzyň genji-hazynasydyr. Bereketli topragymyzyň her oty, çöpi jana melhemdir. Bu bolsa şeýle ajaýyp gözellikler bilen sazlaşykly ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň ömrüne ömür, döwrüne döwür goşýar. Köpdürlilige eýe bolan ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak babatda hem uly aladalar edilýär. Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça arassa agyz suwuny öndürýän döwrebap zawodlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda adam hakyndaky edilýän aladalaryň aýdyň şaýadydyr. Häzirki wagtda daşky gurşawy goramak meselesi umumadamzat bähbitli global mesele hökmünde örboýuna galdy. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda alyp barýan oňyn özgertmeleri ekologiýa syýasatyna bolan uly goşantdyr. «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýär. Ýagny howanyň tämizligini gazanmakda şäherleri hem obalary gurşap alýan «ýaşyl zolaklaryň» meýdanynyň giňeldilmegi, ýer-suw serişdeleriniň üpjünçiligi Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän beýik başlangyçlarynyň rowaçlanmasydyr. Bu ugurdaky kabul edilen kanunçylyk ulgamynyň döwrüň ösen talaplaryna görä esaslandyrylmagy ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün edip, ynsan saglygy babatda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Şeýle döwlet ähmiýetli, umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlara badalga berýän, halkymyzyň bagtyýarlygy, sagdyn durmuşy ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, mertebesi belent bolsun, döwletli işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!

Aýbölek AMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok