Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary başlady

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul bilen söhbetdeş boldy.

Koreýa Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanda iki ýurduň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde zerur tagallalaryň edilýändigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna şu gezekki resmi saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynanýandygyny nygtady we Arkadagymyza ak ýol arzuw etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Seul şäheriniň «Seoul Air Base» Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny «Türkmenistan — Koreýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal-Gon we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli ýazylan haly ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş zalynda Koreýa Respublikasynyň resmi wekili bilen çaý başynda gysga söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlik tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Seul şäheriniň Halkara howa menzilinden kaşaň «Lotte» myhmanhanasynda özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok