Bilim ulgamyndaky özgertmeler

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir.

Her ýylda 1-nji synpa gadam basýan mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesliň çagalyk döwründen başlap kompýuter serişdelerini peýdalanyp bilmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça işleriň depgini has-da güýçlendirildi. Sanly bilim portaly, elektron poçta, elektron resminama, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümler boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, orta bilimiň möhleti 12 ýyla uzaldyldy. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesliň heniz orta mekdepde okaýarka geljekde aljak hünäri boýunça belli bir derejede habarly, maglumatly bolup bilmegine şert döretdi. Orta bilimiň okuw meýilnamasyna laýyklykda, on birinji, on ikinji synplarda okuwçylar gaýtadan öz saýlan we gowy özleşdiren ugurlary boýunça takyk, tebigy we ynsanperwer ylymlary boýunça ýöriteleşen synplara bölünýär. Şeýlelikde, olar umumy orta bilim döwründen soň, ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdebiniň bosagasyndan ätlänlerinde geljekki aljak hünärleri barada belli bir derejede habarly bolýarlar.

Ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryň möhletiniň bäş ýyla we aýratyn ugurly ýokary okuw mekdeplerinde alty ýyla ýetirilmegi, magistratura ugrunyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda bilimiň hilini we derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmakda möhüm ädim boldy. Şeýle-de ýaşlarymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna okuw mekdeplerinde okap alan diplomlarynyň ykrar edilmegi boýunça hem işler kadaly ýola goýuldy. Bu özgertmeler ýurdumyzyň ylym we bilim babatda ösüşleriniň dünýä derejeliligini görkezýän aýdyň hakykatdyr.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny hemme taraplaýyn ösdürip, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

Kümüşgözel ÇOLUKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok