Belarussiýanyň daşary işler ministri Wladimir Makeý biwagt aradan çykdy

Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Wladimir Makeý biwagt aradan çykdy. Öz işine ussat, tejribeli diplomatyň aradan çykandygy sebäpli Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem özüniň resmi web-saýtynda çuňňur gynanjyny beýan edýär.

Hususanam ol hatda:

«Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hormatly kärdeşimiz, Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Wladimir Wladimirowiç Makeýiň biwagt aradan çykmagy bilen baglanyşykly çuňňur gynanç bildirýär. Wladimir Makeý ýokary hünärli diplomat, sada we edepli adam, ak ýürekli we wepaly dost hökmünde hemişe ýadymyzda galar.»

– diýlip, bellenilýär.

Wladimir Wladimirowiç Makeý 1958-nji ýylda doguldy. Ol Belarussiýanyň diplomatik gullugynyň ösmegine möhüm goşant goşdy, öz ýurdunyň daşary syýasatyny yzygiderli, berk we düýpli alyp bardy, halkara syýasy arenasyndaky ornuny we bähbitlerini gorady. Tejribeli diplomat türkmen-belarus gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek ugrunda hem birnäçe tagallalary etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok