«Kardeşlerim» filmindäki «Berk» Türkmenistanly tomaşaçylaryna sagbolsun aýtdy

Mälim bolşy ýaly Türk filmleri Türkmenistanly tomaşaçylar tarapyndan söýlüp görülýär. Şolaryň hatarynda Serkan Birinci-niň režissýorlyk etmeginde, «NG Medya» türk film kinokomapaniýasy tarapyndan taýýarlanylýan, «Kardeşlerim» filmi hem bardyr.

Filmde «Berk» atly keşbi janlandyrýan «Recep Usta» Türkmenistanly tomaşaçylaryna sagbolsun aýtdy. Onuň bu wideosy «TikTok» platformasynda müňlerçe adam tarapyndan seredildi.

Belläp geçsek, bu filmde durmuşyň ähli kynçylyklaryny ýeňip geçmäge synanyşýan we ähli zada garamazdan güýçli bolup, biri-birinden goldaw alýan dört sany doganyň başdan geçirenleri we olaryň söýgüsi hakda gürrüň edilýär.

«Kardeşlerim» filmi her şenbe güni sagat 20:00-da Türkiýäniň «ATV» teleýaýlymynda efire berilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok