Agaç ekmek ömri uzaltmaga kömek edip biler!

«Agaçlaryň dostlary» atly bir daşary ýurt guramasy soňky 30 ýylda ABŞ-nyň Oregon ştatynyň Portland şäheriniň köçelerine agaç ekdiler. Tötänleýin geçirilen täze gözlegler, ekilen her bir agajyň ýürek-damar keselleri bilen baglanyşykly ölümleriň öňüni almaga kömek edýänliginiň üstüni açdy.

Geçen 15-30 ýyllykda ekilen bu agaçlar ýürek-damar keselleri bilen baglanyşykly ölümleri 20%-e çenli azaltdy. Şeýle hem gözlegçiler agaç ekmegiň ýyllyk ykdysady peýdasynyň agaçlara ideg etmekden has ýokarydygyny çaklaýarlar. Geçirilen gözlegler «Environment International» halkara neşirinde çap edildi.

Soňky döwürde tebigata täsir etmek bilen ölümiň azalmagynyň arasyndaky baglanyşygy görkezýän subutnamalar köpelýär. Täze gözlegler, has köp agaç ekilen etraplarda ölüm derejesiniň pesdigini görkezýär (100 müň adama çenli). Bu waka tötänleýin däl ýa-da başga sebäplere görä däl. 65 ýaşdan uly adamlarda ýürek-damar keselleri bilen baglanyşykly ölümler köp duş gelýär.

Üstesine-de, bu görkeziji agaçlaryň ýaşynyň ulalmagy bilen hasam güýçlenýär. 11-15 ýyl ozal ekilen agaçlar bilen baglanyşykly ölüm derejesiniň azalmagy (30%) 1-5 ýyl ozal ekilen agaçlar bilen deňeşdirilende iki esse (15%) bolup durýar. Bu bolsa görnetin, agaçlaryň ölüm derejesiniň azalmagy bilen baglanyşyklydygyny görkezýär we bar bolan köne agaçlary gorap saklamagyň ilat üçin möhümdigini ýüze çykarýar.

Nabat SADYKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok