24-nji noýabrda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynyň dowamynda wise premýer, daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ykdysady we maliýe mümkinçiliklerini artdyrmak, migrasiýa, gümrük ugurlarynyň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen, bu ýerde halkara kadalara laýyklykda ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meselelerini öwrenmek baradaky başlangyjy öňe sürüldi.
Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzda milli syýahatçylyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda dünýäde toplanan tejribeleri içgin öwrenmegiň zerurdygyny belledi we bu ugurda bar bolan meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, degişli hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna jahankeşdeleri işjeň çekmek üçin bu ýerde zerur bolan häzirki zaman düzümleriniň, şol sanda ösen ulag we logistika ulgamynyň döredilmegine üns bermelidigini belledi.
Teswirler