Atalarymyzyň ulagy “Moskwiç” gaýdyp geldi

Sowet soýuzynyň meşhur awtoulagy “Moskwiç” 30 ýyldan soňra täze görnüşde öndürilip başlandy. Kamaz.ru saýtynda berilýän maglumatlara göra, Moskwa şäher häkimligi we “KamAZyň” ýolbaşçylygynda täze görnüş dizaýny bilen öndürilmäge başlanan “Moskwiç”-iň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli 600 sanysy öndüriljekdigi aýdyldy.

2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap diňe Moskwa şäherinde satuwa çykaryljak “Moskwiç” awtoulagynyň mart aýynda Rossiýanyň beýleki şäherlerinde hem satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Täze “Moskwiç”-iň benzin turbo hereketlendirijisi (1,5 l, 150 at güýji, 210 Nm), CVT awtomatiki geçiriş ýa-da alty tizlikli el bilen beriş bilen üpjün edilendigi habar berildi. “Moskwiç”-e şu wagtdan hyrydaryň köpdügini habar berýän rus metbugatyna görä, jemi 5 model görnüşli “Moskwiç” bolup, diňe biri elekrikli hereketlendirijisi bilen hereket eder.

Moskwiçmi, Hytaýmy?

“Moskwiç” ulagy barada maglumat berýän başga bir rus saýtyna görä, “Moskwiç” bir ýygnama awtoulagy. Habara görä, “Moskwiç”-iň ähli detallary Hytaýyň “JAC” kompaniýasyna degişli bolup durýar. Şol kompaniýanyň “JS4” we “JS7” marka krossowerlarynyň bir kopiýasydygy aýdylýan habarda, awtoulagyň arzan bahaly boljakdygyna ünsi çekýär.

Agajan AMANOW.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok