Ýurdumyzyň gündogar sebiti 97 müň 236 tonna suwuklandyrylan gazy eksport etdi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde üstümizdäki ýylyň başyndan bäri suwuklandyrylan gazy 97 müň 236 tonnasy eksporta ugradyldy.

Müdirlik boýunça ýylyň geçen on aýynda suwuklandyrylan gazyň 100 müň tonna golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama 108,2 göterim berjaý edildi. Ýokary önümçilik görkezijileriniň gazanylmagyna müdirligiň Naýyp we Bagaja gaz känlerinde hereket edýän desgalarynyň hünärmenleri mynasyp goşant goşýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistandan Hytaýa ugradylan turbageçiriji gazyň bahasy 8,23 milliard dollara barabar boldy. Munuň özi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 53 göterim köpdür.

10 aýyň dowamynda Türkmenistandan iberilen gazyň bahasy 8,23 milliard dollara barabar boldy (üstesine-de, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 53% ýokary). Ikinji orunda Russiýa (3,1 milliard dollar, 182% ýokarlandy), ondan soňra Mýanma (1,13 milliard dollar, 2,6% aşaklady) ýerleşýär. Dördünji orunda Gazagystan (996,5 million dollar we 15.2%), bäşinji ýerde bolsa Özbegistan (916,7 million dollar we 52,5%) bar.

Türkmenistan Hytaýa gaz geçirijisi arkaly ýangyç iberýän döwletleriň arasynda birinji orny eýelemegini dowam etdirýär. Türkmenistanyň tebigy gazyň subut edilen ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ejegül TAHYROWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok