Türkmenistanyň dil Konsepsiýasy – milli ösüşiň aýdyň geljegi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» ýurdumyzda bütindünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan häzirki zaman usullaryny ulanyp, döwrebap derejede durmuşa geçirmeklik işleri barha rowaçlanýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, eziz diýarymyzda «Bilimler we talyp ýaşlar gününiň» giňden dabaralandyrylýan gününde bolup geçen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bu iri jemgyýetçilik birleşiginiň öňünde goýan ýedi wezipesiniň 6-njysynyň ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmekligi üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly bolmaklygynyň  özi hem, täze döwürde – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» doly durmuşa geçirmeklik babatda giň gerimli işlere badalga berlendigini görkezýär.  

Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesil babatdaky çäksiz atalyk aladalarynyň netijesinde 2017-nji ýylyň dekabr aýynda işlenilip düzülen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» daşary ýurt  dillerini öwretmegiň innowasion usullaryny ýurdumyzyň milli bilim ulgamyna giňden ornaşdyrmaklygy baş maksat edinýär. Milli Liderimiziň bu ugra gönükdirilen asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz dil Konsepsiýasyny üstünlikli ýerine ýetirmeklik bilen baglanyşykly giň gerimli işlerde halkara guramalary, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim edaralary we merkezleri bilen hyzmatdaşlygy günsaýyn işjeňleşdirýär. Hut şonuň netijesinde-de,  Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda daşary ýurt dillerini suwara bilýän türkmen ýaşlarynyň halkara ders bäsleşiklerindäki, halkara sport ýaryşlaryndaky baýrakly orunlarynyň sany barha artýar. Munuň özi bolsa, mertebesi belent Arkadagly Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna «Bilimler we talyp ýaşlar güni» mynasybetli  iberen gutlagynda      hem belläp geçişi ýaly, ata Watanymyza, merdana halkymyza, ata-babalarymyzyň «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana», «Dil bilen dünýäni gezer»,  «Dil bilen nöker, bal bilen şeker», «Dil bilenler galadyr, dil bilmezler – beladyr», «Dilmaç öz jogabyny özi tapar», «Dil bilen dünýäni gezer», «Köp dil bilen – köp biler» diýen ýaly pähim-parasada ýugrulan ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, daşary ýurt dillerini suwara bilýän bagtyýar nesliň kemala gelýändigini aýan edýär.

Ogulsuraý SEÝITGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok