Medeniýet irki döwürlerden bäri, halkyň ýaşaýyş derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe bolup gelýär. Halklaryň beýikligi ilki bilen olaryň medeniýeti, milliligi bilen ölçenilýär. Medeniýet milletiň kalbynyň aýnasydyr, ruhy dünýäsiniň çeper beýanydyr. Türkmen medeniýetiniň gymmaty hem medeni mirasymyzda jemlenýär. Medeni miras halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplap, kämilleşdirip gelen paýhas gorudyr. Medeni mirasymyzda milletimiziň ruhy-ahlak düşünjeleri, pikirleri jemlenendir.
Dana pederlerimizden bize miras galan medeni gymmatlyklarymyz milletimiziň beýik buýsanjydyr, egsilmez hazyna-genjidir. Milli medeniýetimiziň, medeni gymmatlyklarymyzyň beýikligi, gadymylygy hem baýlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet – halkyň kalbydyr», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir» atly gymmatly eserlerinde ussatlyk bilen beýan edilýär. Türkmen medeniýetiniň waspyny ýetirýän ajaýyp, zerden zyýada, altyndan arzyly bu kitaplar her birimiz üçin nusgalyk gymmatly gollanmadyr.
Medeniýet – ynsan köňlüniň nurudyr, pederleriň paýhas gorudyr. Medeniýet – ylhamyň, çeperçiligiň gözbaşydyr. Onda halklary, jemgyýeti jebisleşdiriji, ysnyşdyryjy, ýaşaýşa ruhlandyryjy uly güýç bardyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda medeniýet ulgamynyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak babatda oňyn başlangyçlar öňe sürlüp, medeni durmuş işjeňleşdirilýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap muzeýdir kitaphanalar, medeniýet öýleri, sungat desgalary, teatrlar açylyp ulanylmaga berilýär. Çünki ýurdumyzda medeniýet halkyň kalbyna deňelýän ebedi gymmatlyk hasaplanylýar.
Medeniýet öz gezeginde sungat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sungat adam zähmetiniň çeper keşplerde beýan edilmegidir. Sungat – bu özboluşly ukyp-başarnykdyr, ynsana berlen peşgeşdir. Biziň halkymyzyň bolsa medeniýet we sungat kalbyna hem ruhuna siňendir.
Ençeme wagt bäri toý-baýramlaryň mekany bolan ýurdumyzda her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň baýram edilmegi, Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimize döwlet derejesinde uly sarpa goýulýandygyndan habar berýär. Bu bolsa medeni mirasymyzyň, medeniýetimiziň hem sungatymyzyň dünýä çykmagyna, barha dabaralanmagyna, ýaş nesilleriň ünsüni milli medeniýetimiziň gazananlaryna çekmeklige esas döredýär. Şeýle-de dünýä ýurtlarynyň ençemesinde hem-de biziň ýurdumyzda medeniýet günleriniň yzygiderli guralmagy bu ugurda alnyp barylýan netijeli işleriň pugtalandyrylýandygyny äşgär edýär.
Milli medeniýetimiziň has-da dabaralanmagy, ösmegi we dünýä ýaýylmagy ugrunda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza watansöýer ýürekleriň alkyşlary egsilmezdir!
Mähri ŞYHYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalyk tehnikalaryny
ulanmak we abatlamak
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler