Türkmenistan «Korkut ata» film festiwalyna gatnaşýar

Ýene sanalgy günden dünýäniň ençeme ýurdundan kino we sungat işgärlerini bir ýere jemleýän Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde türk dünýäsiniň meşhur «Korkut ata» film festiwaly geçiriler. Bu kino festiwalyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi hem meşhur filmler bilen gatnaşar.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan ýazgy edilen «Gyzyl kürte», «Istärin» hem-de «Dutaryň owazy» atly filmleri 1-5-nji noýabr aralygynda geçiriljek türk dünýäsiniň meşhur «Korkut ata» film festiwalynda tomaşaçylara hödürlener.

Film festiwalyna diňe bir ýurdumyzdan däl eýsem-de Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan we başga-da birnäçe ýurtlardan filmler gatnaşar.

01.11.2022 senesinde – «Istärin» filmi Bursa şäherindäki «Zafer Plaza» kino salonynda, Bursa Uludag uniwersitetiniň Prof. Dr. Mete Jengiz adyndaky medeniýet merkezinde «Dutaryň owazy» filmleri görkeziler.

02.11.2022 senesinde – «Taýýare» medeniýet merkezinde «Istärin», «Merinos Atatürk» kongres medeniýet merkezinde «Gyzyl kürte» filmleri görkeziler.

03.11.2022 senesinde – Bursa Uludag uniwersitetiniň Prof. Dr. Mete Jengiz adyndaky medeniýet merkezinde «Dutaryň owazy» filmi hem-de «Merinos Atatürk» kongres medeniýet merkezinde «Gyzyl kürte» filmleri görkeziler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanly režissýor Sahysalyh Baýramow türk dünýäsiniň meşhur «Korkut ata» film festiwalynyň eminler toparynda hem orun alýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok