«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem täze ösüşler gazanylýar, ýokary tehnologiýalara esaslanýan innowasion özgertmeler amal edilýär. Ýurdumyzy bilim babatda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak üçin öňde goýan wezipeler bu ulgamy täze sepgitlere besleýär. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim ulgamynda sanly ulgama geçmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanyp, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Durmuşa geçirilýän sanly ulgam innowasion özgertmeleriň barşynda ulgamyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dostlukly, halkara gatnaşyklar bilen ýurdumyz ösüşleriň täze belentliklerine göterilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim syýasatynda ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açmagy göz öňünde tutmak bilen bagly wezipeler esasy orunda durýar. Bu meseläniň ylym-bilim ulgamynyň durnukly kämilleşmegi, onuň bäsdeşlige ukyply hünärmenleri ýetişdirmegi esasynda çözülýändigini her pursatda duýup ýaşaýarys. Ylym ulgamynda geçirýän düýpli özgertmeler günsaýyn çuňlaşyp, türkmen ylmy täze belentliklere, täze derejä çykýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, bilimiň ähli basgançaklary üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara bitewi tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi kepillendirýär.
Ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Her bir ýurduň ösüşi ilkinji nobatda, şol ýurtda ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdiriliş derejesi, bu ugurda ýetýän derejesi bilen kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap bilim almak we ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen bagly asylly işler bu ulgamyň esasy üns merkezinde bolup, onuň maddy-tehniki, okuw-usulyýet, tejribe esaslary yzygider hem çalt depginde pugtalandyrylýar. Şeýle ylym-bilim üstünlikleri, netijeli işler türkmen ýaşlaryny täze-täze ýeňişlere, döredijilikli işlere ruhlandyrýar.
Bägül GUWANJOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler