1912-nji ýylda Demirgazyk Atlantik ummanynda «Titanik» gämisi gark bolandan soň ilkinji gezek 1998-nji ýylda eşidilen sonar signalynyň syryny «OceanGate» deňze çümüjileri çözdi.
«Titanik» barada aýdyp geçsek, ol öz döwrüniň adam eli bilen ýasalan iň uly obýekti bolup durýar. Onuň uzynlygy 269 metrdi. Äpet gäminiň gurluşygyna 7,5 milliard dollar sarp edildi. Gäminiň gurluşygynda 17 müň adam işledi. «Titanik» sagatda 42 kilometr tizlik bilen hereket edip bilýärdi. Gämi bir günde 600 tonna golaý kömür ýakýardy.
1998-nji ýylda suwa çümen Pol Henri Nargeolet heläkçiligiň ýerleşýän ýeriniň golaýynda syrly sonar signalyny ýazga aldy. Bu eşidilýän sonar signaly başga bir gark bolan gämä degişlidir öýdülýärdi. 24 ýyldan soň deňiz gözlegçileri bu signalyň deňiz haýwanlaryna, merjenlere, leňňeçlere we balyklara we başga-da baý suwasty ekosistemadan gelip çykandygyny anykladylar.
Geçirilen derňewleriň netijeleri deňiz durmuşynyň diýseň täsindigini subut edýär. Alymlar deňiz biologiýasynda entek näbelli ekosistemalaryň köpdügini belleýärler.
Gözlegleriň 2023-nji ýylda dowam etjekdigi we deňiz gurşawynyň işleri barada has giňişleýin maglumat beriljekdigi mälim edildi.
Hoşgeldi ŞATLYKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler