– Okeaniýa – bu ýer şaryndaky adalaryň iň uly ýygyndysydyr;
– Okeaniýanyň 14 döwletiniň içinde iň ulusy Awstraliýa – 7,6 million km², iň kiçisi bolsa Mikroneziýa – 702 km²;
– Sidneý şäherinde 250-den gowrak dilde gürleşilýär;
– Okeaniýanyň iň beýik nokady Täze Gwineýada ýerleşýän Jaýa dagy bolup, onuň beýikligi 4884 metre deňdir;
– Täze Gwineýanyň çäklerinde akyp geçýän Sepik (1126 km) we Flaý (1050 km) derýalary Okeaniýanyň iň uly derýalarydyr;
– Okeaniýanyň köp ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň esasyny oba hojalygy we balykçylyk düzýär;
– Bu sebit Ýuwaş ummanyň we Hindi ummanlarynyň akwatoriýasynda ýerleşýän 8 deňiz bilen ýuwulýar;
– Okeaniýada ýerleşýän adalaryň aglabasy wulkandan gelip çykýar;
– Sidneý şäheri Okeaniýada ýerleşýän 5,1 milliondan gowrak adamdan ybarat bolan iň uly we iň köp ilatly şäherdir;
– Okeaniýada ýaşaýan ilatyň takmynan 73% -i özlerini hristianlar diýip hasap edýärler;
– Okeaniýa aýratyn ders – okeanografiýa bilen öwrenilýär;
– Kiribati Respublikasynda ýerleşýän Finiks adalary dünýäniň iň uly deňiz goraghanasy bolup, onuň meýdany 410,500 km²-e deňdir;
– Okeaniýada Regbi iň meşhur sport oýunlarynyň biri hasaplanýar.
Pirnazar BEGDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler