Kakao – datly miweli agaç

Häzirki wagtda ýer ýüzünde miweli agaçlaryň ýüzlerçe görnüşi bolup, olar birnäçe dürli maksatlar üçin ulanylýar. Şeýle hem miwe berýän agaçlaryň köpüsi tebigy ýagdaýda ýetişýän hem bolsa, aglabasy medeni usulda, ýagny adam eli bilen ösdürilip ýetişdirilýändir. Miweli agaçlaryň arasynda agaçlardan alynýan hasylyň terligine iýilýänleriniň bolşy ýaly, gaýtadan işlenenden soňra hem başga azyk önümi hökmünde peýdalanylýanlary hem bolýar. Oňa mysal hökmünde zeýtunyň miwesini getirmek bolar. Ýagny, zeýtunyň miwesini şahadan ýolan badyňa iýip bolmaýar. Şeýle hem zeýtun miwelerini birnäçe wagtlap käbir serişdeler goşulan suwa ýatyrylyp goýlandan soňra iýmek üçin ýaramly bolýar. Emma käbir miwelerden bolsa düýbünden başga azyk önümi taýýarlanýar. Şeýle miwelere mysal hökmünde kakao agajyny getirmek bolar. Kakao agajy «Teobroma» urugynyň, «Malvaceae» maşgalasynyň hemişelik gök öwüsýän görnüşine degişli bolup, bu ösümlik Günorta Amerikanyň subekwatorial sebitlerinde, ýabany görnüşleri Meksikanyň kenarýakalarynda, merkezi we günorta Amerikanyň tropiki tokaýlarynda duş gelýär.

Kakao agajynyň 12-15 metre ýetýän boýunda galyň ýapraklary bolup, onuň gülleri agymtyl-gülgün reňkde, uzynlygy 30 santimetre ýetýän miwesiniň agramy bolsa 500 grama barabar bolýar. Bu kakao agajy gögerenden 4-5 ýyldan gül açýar we 12 ýyldan soňra bolsa ilkinji hasylyny berip başlaýar. Şeýle hem agajyň ösüş dowamlylygy 80 ýyldan gowrak wagt dowam edýär. Kakao agajyndan ýylda iki gezek ýagny, ýagyşly möwsümiň başynda hem soňunda hasyl alnyp, ondan alnan ilkinji hasylynyň hili has ýokary bolýar.

Kakao däneleri şokolad önümçiliginde giňden peýdalanylyp hasyl ýygnalan wagty onuň tagamy ajymtyk bolýar. Ýagny, onuň çig dänesiniň tagamy şokoladyň tagamyndan düýbünden başgaça bolýar. Şeýle hem kakao däneleri gaýtadan işlenenden soňra şokoladyň süýji we lezzetli tagamyny berýär. Mundan başga-da, kakaonyň galyň gabykly süýri miweleriniň içindäki däneleri süýji-köke önümçiliginde, kakaoly içgileri taýýarlamakda we lukmançylykda giňden peýdalanylýar.

Tirkemyrat ATAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok