Halyçylyk sungaty – müdimi sungat

Türkmen halkymyzyň halyçylyk sungaty alys heňňamlarda timarlanyp, türkmeni tutuş dünýä tanadyp gelen milli gymmatlygymyzdyr, halkymyzyň buýsanjydyr, ýüzüniň tuwagydyr. Halyçylyk sungaty  gitdigiçe kämilleşýän sungat. Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda hem, halkymyz, esasan öz öýüni bezemek üçin dürli haly önümlerini çuwal-torbalary, gapylyklary, horjunlary, atlaryna, düýelerine niýetlenen haly önümlerini dokan bolsalar, indi türkmen gelin-gyzlary dürli reňkli halylary, haly portretleri, döwrebap elde göterilýän haly torbalary, sowgatlyk üçin niýetlenen dürli görnüşi haly önümlerini dokaýarlar. Türkmeniň baý halk döredijiliginde hem türkmen halysy hakda gymmatly pikirler bar. Ene-mamalarymyz gyz maşgalasynyň geljekde ökde halyçy bolup ýetişmegini arzuwlap, owadan bentleri şirin owaza eýläp, çagany hüwdüläpdirler:

Aýlar gyzym almaly,
Aýda dokar bir haly.
Halysynyň kenary,
On barmagynyň hünäri.

Her bir enäniň kämillik ýaşyna ýetip gelýän gyzyna haly-palas dokamagy, tikin-çatyn öwretmegi zerurlyk hökmünde hasaplanylyp, kümüş saçly enelerimiz ýaşlara hünär öwrenmegi hemişe ündäp, edep-ekrama degişli gürrüňler edipdirler. Şular dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplarynda hem gymmatly pikirler beýan edilýär.

Umuman, halyçylyk sungaty türkmen gelin-gyzlarynyň asylly häsiýetlerini, ýokary çeperçiligini özüne siňdiren müdimi hem gadymy sungat bolup, ol özünde ähli ajaýyplygy, milletimiziň beýik hem şöhratly taryhyny, milliligimizi jemleýär. Goý, çeper elli halyçy gelin-gyzlarymyzyň daraklarynyň sesi mydama batly ýaňlansyn!

Älemjahan AŞYROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok