Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan 500 hünärmene niýetlenen okuw maslahaty geçiriler

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü bilen gürrüňdeş boldy.

Myhman – Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäde iň köp okalýan neşirleriň biri bolup durýandygyny belledi. Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü, Gurbanguly Berdimuhamedowa Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagynyň guramaçylyk meseleleri, maksatlary we wezipeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen tebigatynyň bu özboluşly künjegi, sebitiň täze merkeziniň töwereklerinde ösdürilýän ekerançylyk, bagçylyk bu ýerde ekologik abadançylygyň saklanýandygynyň subutnamalarydyr. Şu nukdaýnazardan, okuw sapagyny guramak üçin hut şu ýeriň seçilip alynmagy tötänden däldir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok