Döwrebap ylym-bilim ösüşiň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň dünýägaraýyşly, ýokary taýýarlykly, ökde hünärmenleriň ýetişdirilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ylym-bilimli, kämil hünär başarnyklaryny ele alan, sagdyn bedenli ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir. Soňky ýyllarda üstünlikli amala aşyrylýan ýaşlar syýasaty hem geljegiň berk binýadyny goýmakda uly başlangyç boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda galkynan Diýarymyzyň ýaş nesilleri bu günki günde diňe bir Watanymyzyň çäklerinde däl, eýsem, halkara giňişlikde-de uly-uly üstünliklere eýe bolýarlar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek bilen baglanyşykly yzygiderli alyp barýan işleriniň ajaýyp miwesidir.

Ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmen halkynyň çagalaryň edep-terbiýesi, bilimi bilen bagly ruhy gymmatlyklary, gadymdan gelýän däp-dessurlary we ahlak ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär. Sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bu günki gün ýaş nesil ähli amatlyklary bolan, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan çagalar baglarynda, mekdeplerde edep-terbiýe, bilim alýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde beden taýdan sagdyn, ylym-bilime teşne, sungata, medeniýete höwesli, şanly taryhymyza hormat goýýan, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän nesliň kemala gelýändigine guwanýarsyň.

Döwletimizde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, şeýle hem okatmagyň hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.

Geljegimiz bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, tutumly işleri üstünliklere beslensin.

Gülşat HOJAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok