2035-nji ýylda benzinli we dizel awtoulaglary gadagan edilýär

Amerikada ýerleşýän guramalar, täze öndürilýän benzin we dizel awtoulaglarynyň satuwyny 2035-nji ýyldan gadagan etmek barada ylalaşdylar.

Ýewropada – awtoulag pudagy bilen ýakyndan baglanyşykly ekologiki meseleler üçin täze netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar, ulaglaryň uglerod zyňyndylarynyň täze standartlaryny getirjek düzgünnama boýunça geçirilen gepleşiklerde ylalaşyga gelnendigini habar berdi. Awtoulaglarda 2035-nji ýyldan soň nol zyňyndy bolar.

Şoňa laýyklykda, 2035-nji ýyldan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda satyljak ähli täze awtoulaglar we ýeňil söwda ulaglarynda hiç hili uglerod zyňyndylary bolmaz. Ýagny benzinli we dizel awtoulaglary gadagan ediler. Bu bola uglerod zyňyndylaryny 100 göterim azaldar.

Şeýlelik bilen, görkezilen seneden başlap, içerki ýangyç hereketlendirijileri bolan benzin we dizel ýaly täze awtoulaglar Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda satylyp bilinmez.

2030-njy ýyldaky zyňyndylary azaltmak maksatnamasy boýunça görkeziji ýeňil awtoulaglar üçin 55 göterim, ýük awtoulaglary üçin 50 göterim bolar. Şeýlelik bilen, Amerika 2050-nji ýyla çenli ähli pudaklaryň we ulaglaryň uglerod zyňyndylaryny nola ýetirmegi maksat edinýär.

Amanjapar ARTYKGULYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok