«Türkmen-Kalkan»: Dokuz aýda 138 müň jübüt aýakgap öndürildi

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän «Türkmen-Kalkan» aýakgap kärhanasynda şu ýylyň geçen dokuz aýynda dürli ölçegdäki aýakgabyň 138 müňe golaý jübütini öndürildi. Şol döwürde kärhananyň agzybir işçi-hünärmenleriniň çeken zähmeti bilen Manat hasabynda alanyňda, munuň özi kärhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 28 million 154 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilendigini aňladýar. Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilik işinde 103,1 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Önümleriň aglaba bölegi degişli ministrlikleriň buýurmalary esasynda öndürilýär. Kärhanada öndürilýän aýakgaplara isleg barha ýokary bolmagy arassa çig malyň, gönüň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok