Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyz ylmy esasda öwrenilýär. Türkmen halkynyň edebi mirasynyň genji-hazynasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bu gün dünýä alymlarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Akyldar şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary her bir adamda uly gyzyklanma döredýär. Aýratyn hem, ýaş nesilleri terbiýelemekde bu goşgularyň örän uly ähmiýeti bardyr. Şahyryň döredijiligi edep-terbiýä, öwüt-ündewe baýlygy, nesiller üçin nusgalyk ýoldugy bilen aýratyn tapawutlanýar. Magtymgulynyň şygyrlarynda watançylyk, mertlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk, ynsan mertebesini belende götermek ýaly asylly häsiýetler giňden beýan edilýär. Şahyryň ähli goşgulary halkymyzyň içinde ganatly sözlere, çuňňur pelsepä, pähim-parasada öwrülipdir. Muny şahyryň şu goşgy setirlerinde hem aýdyň duýmak bolýar:
Magtymguly, öwüt bergin söz bile,
Eşiden deň bolmaz, gören göz bile,
Mert çykar myhmana güler ýüz bile,
Namart özün gizlär myhman ýoluksa.
Akyldaryň döredijiligi biz üçin uly ruhy güýç bolup hyzmat edýär. Watansöýüjilige, mertlige ýugrulan çuňňur manyly goşgularynda öňe sürülýän pikirler, olaryň ähmiýeti durmuş ýolumyzda gymmatly terbiýe ýoluny döredýär. Şahyr adamlaryň, aýratyn hem ýaşlaryň akylly, parasatly, watansöýüji, birek-birege hormat goýmagy, ynsanyň ruhy dünýäsiniň baý hem päk bolmagyny ündäpdir. Beýik akyldar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny arzuwlan, tutuş döredijiligini milletimiziň erkanalygyna bagyşlan dana şahyrdyr. Il-güni berkarar döwlet gurmaga çagyran Pyragynyň goşgularynda Watana söýgi, mertlik ýaly temalaryň agdyklyk etmegi-de şonuň bilen baglanyşykly bolup, ol Watany goramakda tutuş halkyň bir taglymata gulluk etmelidigini ündäpdir. Bu giň many-mazmunly şygyrlar üstünden asyrlar aşsa-da, gymmatyny ýitirmän, türkmeniň ýol-ýörelge mekdebi bolmak bilen, ýaşlaryň terbiýesinde egsilmez hazyna, ebedi gollanma bolup durýar. Şahyryň belent maksada gönükdirilen dürdäne setirleri jahan içre aýlanyp, dünýä halklarynyň agzybirliginiň, jebisliginiň öçmejek owazy bolup ýaňlanyp, her birimiziň kalbymyza ebedilik aýdym bolup dolýar.
Biz ýaşlara milli mirasymyzy, edebiýatymyzy ylmy esasda içgin öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Merdan ANNAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler