«Maksat deri» gön önümleriniň 10 million inedördül dessimetrini Türkiýä eksport etdi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ownuk hem-de iri şahly mallaryň derilerini işläp, olardan ýokary hilli gön önümlerini öndürýär. Bu ýerde 100-e golaý adam zähmet çekýär. Kärhananyň önümçilik bölümlerine Italiýa döwletiniň gön önümçiligi üçin niýetlenen iň kämil tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrylypdyr. Kärhanada işewürleriň yhlasy bilen her aýda ýokary hilli gön önümleriniň 2 million inedördül dessimetri taýýarlanylýar.

Kärhananyň işewür hünärmenleri öz önümleri bilen diňe bir içki sarp edijileri üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, olary daşarky bazarlara-da çykarýarlar. Kärhana «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başyndan bäri gön önümleriniň 10 million inedördül dessimetrini Türkiýe döwletine eksport etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok