“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsümiň saýlap alyş synagy geçirildi.

Duşenbe güni “ Ýaş diplomatlar” mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsümiñ saýlap alyş synagy geçirildi.

Synag ähli welaýatlaryň bellenilen merkezlerinde sanly ulgam arkaly geçirildi. Synaga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan şeýle hem Aşgabat şäherinden zehinli okuwçylar gatnaşdylar.Synaga Aşgabat şäherinden – 62, Ahal welaýatyndan – 29, Mary welaýatyndan – 52, Lebap welaýatyndan – 15, Daşoguz welaýatyndan – 92, Balkan welaýatyndan – 47 okuwçylar gatnaşdylar.Olargadymy dünýä taryhy, iňlis dili we zehin-paýhas we häsiýet-psihologiki taýdan ukyp-başarnygy ýüze çykarýan 50 soragdan ybarat bolan test synagyny 60 minudyň dowamynda tabşyrdylar.

 Şeýlelikde, ýokary netije görkezen iň gowy 32 bäsleşiji bäsleşigiň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.Synagyň netijeleri guramaçylyk topary tarapyndan ýakyn wagtda bäsleşige gatnaşyjylara ýetiriler.

Kadyrmyrat Öwezgylyjow,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň İ ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok