Döwlet eýeçiligindäki 31 sany desga bäsleşikli söwda bilen satylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 31 sany desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdalary yglan etdi.

Döwlet eýeçiligindäki desgany hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalar 9-njy noýabrda www.е.fineconomic.gov.tm saýtynyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga milli kanunçylykda bellenilen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşyjylar elektron auksion platformasyna mobil goşundysynyň ýa-da sanly web-portalyň üsti bilen gatnaşyp bilerler.

Ýüztutmalary kabul etmek we gatnaşjaklary hasaba almak Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bäsleşikli söwdalar hakynda yglan edilen maglumat çap edilen günden başlanýar we onuň geçirilmegine 24 sagat galanda tamamlanýar. Gatnaşyjylary hasaba almak bäsleşikli söwdalaryň geçiriljek güni sagat 9:00-da başlaýar. Hasaba alnan gatnaşyjylar 0718 telefon belgisi arkaly sms hatynyň üsti bilen bäsleşikli söwdalaryň başlanandygy barada ýatladylar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi hakynda maslahatlary hem-de hususylaşdyryljak desgalar baradaky goşmaça maglumatlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminde hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň maliýe we ykdysadyýet müdirlikleriniň ugurdaş bölümlerinden alyp bolar.

Auksiona gatnaşyjylaryň hemmesine öňünden hususylaşdyryljak emläk baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berilýär. Döwlet eýeçiligindäki emläkleriň satuwy ähli borçnamalar bilen amala aşyrylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok