«Çeper» tikin fabriginde 9 aýda jemi 13 million 604 müň manatlyk önüm öndürildi

Daşoguz welaýatynyň «Çeper» tikin fabriginde öndürilýän önümlere isleg ýylyň-ýylyna artýar. Şu ýylyň dokuz aýynda fabrikde jemi 13 million 604 müň manatlyk önüm öndürildi. Meýilnama 168,7 göterim berjaý edilip, zähmet üstünligi gazanyldy. Kärhananyň bu ösüşi daşary ýurt kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýaly tikin maşynlary bilen doly üpjün edilendigini görkezýär.

Tikin önümleriniň aglaba bölegi buýurmalar esasynda öndürilýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň buýurmalary esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite eşikler tikilýär. Mundan başga-da, fabrikde hassahana geýimleri, aşpezler üçin eşikler, ýeňlikler, başgaplar, ýorgan-düşek, ýassyk, olaryň daşlyklary, halatlar işçi geýimleri hem taýýarlanylýar.

Fabrikde tikilýän tikin önümleriniň çig malyny, esasan, Ruhabat, Türkmenbaşy, Gökdepe, Aşgabat dokma toplumlary üpjün edýär. Bu dokma toplumlary tarapyndan öndürilýän matalar özleriniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Olar ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylynyň önümi bolup, hil taýdan ähli talaplara laýyk gelýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok