Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty geçen ýylkydan ýokarlandy

2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda  Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasyna umumy bahasy 7,32 milliard amerikan dollary möçberindäki tebigy gazy eksport etdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 51 göterim ýokarydyr. Bu barada «TASS» habarlar agentligi belläp geçýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan turbageçirijiler arkaly Hytaýa tebigy gazy eksport etmekde dünýäde birinji orny eýeleýär. Ikinji ýerde durýan Russiýa Federasiýasy geçen 9 aýda 2,8 milliard dollarlyk tebigy gazy turbageçirijiler arkaly Hytaýa iberdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,83 esse ýokarydyr. Şeýle hem Hytaýyň degişli döwürde Russiýadan satyn alan suwuklandyrylan gazynyň möçberi hem 2,6 esse ýokarlanyp, jemi 4,22 milliard dollara deň boldy.

Mundan başga-da, geçen 9 aýda Awstraliýa umumy bahasy 11,47 milliard dollarlyk, Katar döwleti 8,2 milliard dollarlyk, Malaýziýa bolsa 5,46 milliard dollarlyk suwuklandyrylan tebigy gazy Hytaýa eksport etdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň we Hytaýyň özara söwda dolanyşygy 7 milliard 993 million dollara barabar boldy. Geçen 9 aýda Türkmenistanyň Hytaýa eksporty 7 milliard 375 million dollara, diňe sentýabr aýyndaky eksporty hem 1 milliard 12 million dollara barabar boldy. Hasabatlardan görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň agramly bölegini tebigy gaz eýeleýär.

Şirin AMANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok