Milli mirasa belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli medeni mirasymyzy giňden öwrenmekde we ony ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şan-şöhraty jümle-jahana ýaň salýan, türkmen halkynyň kalbyna bagtyýarlygyň altyn nuruny çaýýan we özüniň taryhy köklerini menziller aşan asyrlardan alyp gaýdýan milli medeniýetimize, sungatymyza, däp-dessurlarymyza, medeni we ruhy mirasymyza uly hormat, belent sarpa goýulýar. Gülleýän, gül açýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň asuda durmuşy her bir ynsana goýulýan gadyr-gymmatyň gözbaşyny şol mukaddesliklerden alyp gaýdýar.  Olar halkymyzyň milli mirasynyň esasy gymmatlyklary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda milli medeniýetiň iň oňat däplerini ösdürmek hem-de dowam etdirmek meselelerine uly ähmiýet berýär. Milli medeniýetiň iň oňat däpleriniň durnuklylygy netijesinde, ol dünýä ösüşiniň taryhynda aýratyn orny eýeleýär. Döwlet tarapyndan döredilýän şertler gadymy milli medeniýetiň, döredijilik däpleriniň, dünýäniň ähli halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň köptaraply görnüşleriniň hil taýdan täze ösüşine, milletiň taryhy-medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berýär.

Asyrlaryň jümmüşinden şaha-şaha bolup ýaýrap gelen we bagtyýar döwrümize gowşan milli gymmatlyklarymyzy goramakda, sarpalamakda, jahana ýaýmakda we ähli beýikligi bilen geljekki nesillere ýetirmekde Arkadagly Serdarymyz beýik görelde görkezýär.

Gadymy hem-de baý milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge, olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Gunça ATAÝEWA,

Türkmen döwlet medeniýet we
sungat mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok