Galkynyşly eýýamyň ösüş guraly

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary durmuşyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, ýaşlary ylmy işlere, ylmy gözleglere işjeň çekmek babatdaky netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine itergi berýär. Çuňňur ylmy esasda işlenilip düzülen we uzak möhletleri nazara alýan Milli maksatnamalar bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Halkymyzyň eşretli durmuşy we Watanymyzyň ýokary derejede ösüşli galkynyşy durmuşymyzy bagtyýarlyga, abadançylyga besleýär.

Bagtyýar döwrüň esasy ösüş guraly bolup hem ylym çykyş edýär. Ylym – döredijilikli işiň netijesidir. Täze-täze açyşlar ylmyň soňky gazananlaryny düzýär. Ylym bir ýerde durmaýar, ol hemişe hereketdedir. Adamzadyň bahasyz baýlygy hem ylymda jemlenendir. Biz ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine ynamly aralaşýarys. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzda kämil ylym ulgamy kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ylmy-tehniki ösüşiň belentlige galýan döwründe biz ylma daýanmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek we milletimiziň aň-bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistany durnukly ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys» – diýip nygtamak bilen, ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmegi we onuň gazananlaryny durmuşyň ähli ugurlaryna gönükdirmek bilen kuwwatly döwleti döretmegi hemişe ündeýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ylym-bilim ulgamy halk hojalygynyň ähli pudaklaryna häzirki tehnologiýalardan we tehniki ösüşlerden baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täzeçe pikirlenýän, halkara dillerini çuňňur özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamaklyga örän ýokary derejede üns berilýär. Täzeçe pikirlenmäge, önümçiligi ygtybarly dolandyrmaga ukyply hünärmenler döwletiň we jemgyýetiň esasy daýanjydyr. Bu ugurda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça yzygider geçirilýän ylmy bäsleşikler dürli ugurlar boýunça ylmy derňewleri, ylmy barlaglary alyp barýan ýaş zehinleri, hünärmenleri ýüze çykarmaga şert döredýär. Ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryna nanotehnologiýalar, himiýa we eko-tehnologiýalar, kämil enjamlar, akylly serişdeler ornaşdyrylýar. Şolaryň hasabyna dünýä bazarlarynda islegi artýan harytlar, döwrebap önümler öndürilýär. Bu bolsa döwletimiziň halkara jemgyýetçiligindäki at-abraýyny artdyrýar.

Ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy ösüşiň galkynyşly ýoly bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Azat ATAMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Maglumatlar we okatmak üçin
tehniki serişdeler bölüminiň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok