Beýik döwrüň geljegi uly pudagy

Ösüşler bilen rowaçlanýan döwrümizde ýurt ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, oňa täzeçil usullary, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny, aýratyn-da, nebitgaz senagatyny toplumlaýyn ösdürmäge giň ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny tehniki we tehnologik taýdan kämilleşdirmek üçin hem anyk çäreler görülýär. Nebit-gaz toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilip, oňa dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa toplumyň önümçilik kuwwatlyklarynyň, şol sanda gaýtadan işleýän pudagyň ösüşine hem-de yzygiderli ýokarlanmagyna giň ýol açýar. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bu uly pudagynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirilýär. Nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, gazylyp alynýan baýlyklaryň möçberini artdyrmak, «mawy ýangyjyň» eksport ugurlaryny ösdürmek onuň esasyny düzýär. Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleri hem üstünlikli çözülýär. Nebitgaz hem-de nebithimiýa pudaklarynda täze önümleriň önümçiligi ýola goýulýar. Muňa dünýä standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze awtoulag ýangyçlaryny öndürmekligiň ýola goýulmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Arkadagly Serdarymyz bu düzümiň işini döwrebaplaşdyrmak, känleriň önüm berijiligini artdyrmak, pudagyň işgärleri üçin zerur şertleri döretmek babatda işleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, şolary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berýär.

Pudagyň önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi sebitara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna giň ýol açýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine we ylmyň ýokary gazananlaryna we täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydygy möhüm şert bolup çykyş edýär.

Nebitgaz ýataklarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak hem-de geljegi uly täze uglewodorod ýataklaryny gözläp tapmak we ýüze çykarmak, şolary özleşdirmek hem-de gazylyp alynýan çig malyň mukdaryny artdyrmak ugrundaky zerur çäreler döwlet Baştutanymyzyň pudagyň kuwwatyny artdyrmak, onuň düzümlerine innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan beýik tutumlary her birimizi çäksiz buýsanja besleýär!

Ýusup MURADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz+
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok