Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň hem-de “Paýhas we parasat” ylmy gurnagynyň agzalarynyň arasynda“Medeniýet-parahatçylygy dörediji güýç” atly referat bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň konwensiýalary, maksatnamalary, dünýäde parahatçylygy goramak boýunça alyp barýan işleri barada özleriniň çykyşlaryny etdiler. Bäsleşigiň esasy maksady talyplarda ÝUNESKO baradaky gyzyklanmalaryny artdyrmak hem-de bu guramanyň maksatlaryny giňişleýin öwrenmekden ybaratdyr.
Bäsleşikde Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Şasenem Meýlisowa 1-nji orna, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby Döwletýar Arçamyradow 2-nji orna, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Baýlyýew Hojamyrat 3-nji orna mynasyp boldy. Mundan başgada Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Aýşat Aşyrowa, Annagözel Mekanowa, Batyr Esenow Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Kakageldi Akmyradow, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Gülöwser Rejepowa höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.
Ýeri gelende belläp geçsek, “Parahatçylygyň medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby 2022-nji ýylyň 5-nji oktýabryndaTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda açyldy.
Türkmenistan döwletimiz ÝUNESKO guramasyna 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda agza boldy. ÝUNESKO guramasynyň esasy maksady bolsa bilim-ylym medeniýeti boýunça ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeldip, parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmekdir.
KAKAGELDI AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetininiň
I ýyl talyby
Teswirler