Biz – belent ynama ygrarly ýaşlar!

Her täze güni şatlykly wakalara, belli senelere beslenip, toýlary toýa ulaşýan, üstünlikleri rowaçlyga oguşýan bagtyýar halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, Berkarar Watanda bagtly durmuşda ýaşaýar. Günlerimizi abadançylyga besleýän bu bagtyýarlyk ýaş nesilleriň kalbynyň joşgunyna öwrüldi. Dünýä ýaň salýan beýik işleriň wysal bolýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda şeýle möhüm wakalaryň, beýik başlangyçlaryň durmuşymyza öwüşgin çaýmagy kalplarda döwre bolan belent buýsanjy goşalandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ýaşlar syýasatynyň has hem täze röwüşde dabaralanýan ýyly bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Çünki üstümizdäki ýylda ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek babatdaky işlere döwlet derejesinde uly üns berilmek bilen, bu Kanunyň rejelenen görnüşi hem kabul edildi. Merdana halkymyzyň nesil terbiýesine örän uly ähmiýet berendigine taryh şaýat. Bu asylly ýörelgeler häzirki bagtyýar döwrümizde hem mynasyp dowam etdirilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň altyn güýzünde Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi hem-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi döwletimizde ýaş nesiller hakynda edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr. Watanymyzyň ösüşi üçin amala aşyrylýan işler, ýurdumyzyň ýetýän özgerişleri ýaş nesilleriň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Her bir işe yhlasly çemeleşýän, öz hünäriniň ussady, watansöýüji, ylym-bilimden gory ýetik, bagtyýar döwrümiziň bagtly ýaşlary geljekde türkmen döwletini ösdürjek nesillerdir, ata Watanymyzyň nurana geljegini gurujylardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ylmyň we tehnologiýanyň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesil terbiýelemek möhümdir. Eziz diýarymyzyň ähli künjeklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän okuw mekdepleri, çagalar baglary, bilim edaralarynyň, sport toplumlarynyň täze hem döwrebap desgalary açylyp ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döredip şeýle berýän ajaýyp mümkinçilikleri kämil ylym-bilim alýan, yhlasly zähmet çekýän bagtyýar ýaşlaryň ýagty geljege sary barýan ak ýollarda ynamly gadamlarynyň has-da batly bolmagyna ýol açýar.

Eziz Watanymyzyň berkararlygy, ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Gunça GURBANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok