Açyk internet olimpiadasy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, döwrümize mynasyp, kämil nesli kemala getirmek barada öňümizde goýan wezipelerinden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynda 18-nji oktýabrda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Nazary mehanika dersinden II Açyk internet olimpiadasy geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçirilen olimpiada ýurdumyzyň 12 sany ýokary okuw mekdebinden, jemi 58 talyp gatnaşdy. Bäsleşik diýseň çekeleşikli we gyzgalaňly ýagdaýda geçip, onda talyp ýaşlaryň iň ezberleri, zehinlileri bilimiň we ylymyň dürli ugurlarynda öz başlangyçlaryny açyp görkezmäge mümkinçilik aldylar.

Bu olimpiadada institutymyzyň talyplary hem üstünlikli çykyş edip Guwanç Annalyýew I orna, Jahan Rejepowa I orna, Täzegül Hojaýewa II orna, Gülşirin Saryýewa II orna mynasyp boldular. Şeýle netijeleriň gazanylmaklygy – bu okuw jaýynyň talyplarynyň öz okuwlaryna has-da tutanýerli çemeleşýändikleriniň we geljekde saýlan hünärleri boýunça kämil hünärmenler bolup ýetişjekdiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, öz işine ussat, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakda ähli şertleri döredýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Myrat GARÝAGDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok