Daşky gurşaw baradaky alada soňky döwür hasam güýjedi. Elbetde, bu ylym dünýäsinde hem şeýle. Esasanam plastik galyndylara we bu galyndylaryň ýok edilmegine ünsi jemleýän alymlar soňky ýyllarda plastmassanyň ornuny tutjak materiallary taýýarlamak boýunça gözleglerini dowam etdirýärler.
Bu materiallaryň biri hem «ýuka aýna tagtalar» bolup durýar. «Ýuka aýna tagtalar» täzelenip, gaýtadan işläp bolýanlygy sebäpli daşky gurşawa zyýansyzdyr. Soňky gözleglerde bu materiallar alymlaryň esasy üns merkezinde boldy. «Ýuka aýna tagtalar» her ugurda diýen ýaly ulanylýan arzan material bolup durýar.
«Total Environment of Science» žurnalynda çap edilen gözlegde, ýuka aýna tagtalaryň plastmassanyň ornuny tutup biljekdigi aýdylýar. Gözlegde aýdylyşyna görä, plastmassalaryň ulanylýan ähli ýerinde ýuka aýna tagtalar hem ulanylyp bilner. Emma bu ýuka aýna tagtalaryň daşky gurşawa aç-açan zyňmaly diýmegi aňlatmaýar. Alymlar ekologiýa taýdan arassa materialdan ýerlikli peýdalanmalydygyny belleýärler.
«Ýuka aýna tagtalar» ilkinji gezek nemes alymy Siegfrid Fink tarapyndan 1992-nji ýylda öndürildi. Bu material häzirki wagta çenli birnäçe pudaklarda, edara-kärhanalarda giňden ulanylýar.
Aýna ATAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň
Önümçiligi awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler