Magtymguly Pyragy- halkyň ruhy çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem–de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde Magtymgulynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär.

Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlarynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.

Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk, edeplilik, sahylyk, mertlik, söýgi, maşgala wepalylyk, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, iman baýlygyny gazanmak, ykbal, takdyr ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar. Akyldar şahyr ynsany bezeýän, ony hakyky ynsan edýän, mertebesini beýgeldýän ähli gowy gylyk-häsiýetleriň, ahlak sypatlarynyň döwürdeşlerinde we geljekki nesillerde bolmagyny isläpdir.

Magtymguly Pyragy nusgalyk şygyrlary bilen beýik mertebä göterilmegi başaran ussat şahyrdyr. Bu günki günde şahyryň ajaýyp eserleri halkymyzyň süňňüne ornaşyp galypdyr.

Şamuhammet AKMÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok