«Kepegiňizi almaga kärhana geliň!» sms habarnamasy gelip başlady

Gallaçylarynyň jübi telefonlaryna «Kepegiňizi almaga kärhana geliň!» sms habarlary gelip başlady. Bu bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken möhüm Kararynyň beýanyny tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen aýyň 23-inde geçiren Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna dahylly meselelere garap, möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň arasynda oba adamlarynda janly gyzyklanma döreden möhüm resminamalaryň biri hem bardy. Şol resminama laýyklykda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, ýerleriň kärendeçilerinden, peýdalanyjylaryndan we eýelerinden döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi, saruny, künjarany we şugundyr lötüni, degişlilikde, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak bellenildi.

Ýurdumyzdaky galla önümleri kärhanalarynyň degişli hünärmenleri kepegiň bir kilogramynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilen bahasynyň 24 teňňä, şonça möçberdäki önümiň erkin nyrhdaky bahasynyň bolsa 2 manat 75 teňňä barabardygyny hem habar berdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok