Liwanyň gündogaryndaky Beka jülgesinde ýerleşýän taryhy ybadathana şäher bolan Baalbek «dünýäniň iň ajaýyp ybadathana şäheri» hökmünde tanalýar.
5 müň ýyllyk taryhynyň dowamynda köp sanly siwilizasiýany başdan geçiren, gadymy Baalbek şäheri ilki finikiýalylar, grekler soňra rimliler tarapyndan mukaddes ýer hökmünde kabul edildi. Gündogardan Günbatara söwda ýolunyň möhüm merkezi bolan Baalbek, Rimden soň gadymyýetiň iň möhüm dini merkezi hasaplanýar.
Baalbek taryhda dürli döwürlerde – Wizantiýalylaryň, Seljuklaryň, Eýýubileriň, Mongollaryň, Memluklaryň we Osmanlylaryň hökümdarlygynyň golastyndaky esasy şäherleriň biri bolupdyr. Bu bolsa şäherde siwilizasiýanyň has-da ösmegine goşant goşupdyr.
Dünýäniň iň uly, gadymy we iň syrly ybadathana şäheri hökmünde tanalýan Baalbek Liwanyň paýtagty Beýrutdan 86 km gündogarda ýerleşýär. Bu ýerdäki daşdan gurlan beýik täsin we owadan sütünler görenleri haýran galdyrýar.
Bu ýerde ilkinji bolup fransuz arheologlary gazuw-agtaryş işlerini geçiripdir. Baalbek – 1984-nji ýylda «ÝUNESKO» tarapyndan gorag astyna alyndy.
Baalbek şäherinde ululy-kiçili onlarça ybadathana bar. Emma bularyň arasynda iň meşhury Ýupiter, Bakus we Wenera ybadathanasydyr.
Rahat AHMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler