S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba-hojalyk uniwersitetinde geçirilýän hepdelik pikir alyşma duşuşygynyň nobatdaky maslahaty damjalaýyn suwarmak tehnologiýalaryna bagyşlandy.
Häzirki wagtda ýer ýüzünde agyz suwuny tygşytly ulanmaklyk adamzadyň geljegi üçin iň wajyp meseleleriň biri bolmagynda galýar. Bu bolsa senagatda, halk hojalygynda we oba hojalygynda ony tygşytlamak boýunça täze usullaryň oýlanylyp tapylmagyna getirýär.
Ýurdumyzda ekerançylyk bilen meşgullanýan her bir hünärmen üçin ekin ýerlerini suwarmaklyk iň bir jogapkärli çäreleriň biridir. Bu ýerde her bir kärendeçi ekini suw bilen üpjün etmek hem-de suwy tygşytlamagyň iň amatly çäresini işläp düzmeli bolýar. Öňler ýurdumyzda esasan ekin meýdanlaryny joýalaýyn suwarmaklyk amala aşyrylýardy. Emma soňky ýyllarda ylmyň we tehnologiýanyň batly gadamlar bilen ösýän döwründe ýurdumyzda köp ekin ýerleri damjalaýyn suwarmaklyk usuly peýdalanylýar. Uniwersitetimizde däbe öwrülen her hepdäniň şenbe güni geçirilýän ylmy-amaly maslahatymyzyň geçen temasy ekin meýdanlaryny tekizlemeklik bilen baglanşykly bolsa, bu gezek maslahat miweli baglary damjalaýyn suwarmaklyga bagyşlandy.
Ylmy-amaly maslahatymyzyň başyny Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Güneşli miwe” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Rahym Ataýew başlady. Hünärmen öz çykyşynda hojalyk jemgyýetinde ýetişdirilýän alma, armyt, şetdaly, ülje ýaly miweli baglary damjalaýyn suwarlyş ýollary hakynda gürrüň berdi. Bu ýerde myhman damjalaýyn suwarmakda peýdalanylýan enjamlar we olaryň ulanyş düzgünleri bilen tanyşdyrdy.
Soňra maslahatymyzy Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Nurýagdy Pirliýew dowam etdirip, ol öz çykyşynda joýalaýyn suwarmaklyk usuly bilen damjalaýyn suwarmaklygyň ykdysady we ekologiki aratapawudyny aýdyp geçdi. Şeýle-de telekeçi öz ekin ýerlerinde ýetişdirýän badam agajyny ösdürip ýetişdirmekde damjalaýyn suwarmaklygyň amatlydygyny belläp geçdi. Ylmy-amaly maslahatymyzyň ahyrynda uniwersitetimiziň Oba hojalyk meliorasiýalary kafedrasynyň mugallymy Süleýman Mämmetmyradow çykyş edip, ol çykyşynda damjalaýyn suwarmaklygyň nazary esaslaryny düşündirdi. Mugallym şeýle-de joýalaýyn suwarmaklykda ekin ýerleriniň şorlaşmak mümkinçiliginiň ýokarlandyrýandygyny aýdyp, esasy zat topraga suw bermek däl-de ösümlige suw bermeklikdigini belläp geçdi. Çykyşlar tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar öz aralarynda pikir alyşyp, tejribeleri paýlaşdylar. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar indiki ylmy-amaly maslahatyň temasynyň “Ekerançylykda sanly ulgam monitoringi” ady bilen geçirilmegini makulladylar.
Ýunus Kadyrow
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygyň ykdysadyýeti fakultetiniň mugallymy
Teswirler