Alymlar ýeňil öwüsýän şemaldan energiýa almagyň usulyny tapdylar

Alymlar örän ýeňil öwüsýän şemaldan energiýa ýygnap bilýän arzan bahaly enjamy oýlap tapdylar.

Singapuryň Nanyang Tehnologiýa Uniwersitetiniň alymlaryndan we talyplaryndan düzülen ýörite topar sekuntda 2 metre çenli tizlik bilen öwüsýän şemaldan elektrik öndürmegi başardylar. Adaty ýel turbinalary häzirki wagtda energiýa öndürmek üçin azyndan 3,5 m/s ýel tizligini talap edýär.

Uniwersitetiň alymlary, örän ýeňil öwüsýän şemaldan energiýa ýygnap bilýän arzan bahaly enjamyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda energiýa mümkinçiligini kanagatlandyrmak üçin ulanylyp bilinjekdigini aýdýarlar. Bu boýunça düzülen taslama şol uniwersitetiň professory Yang Yaowen ýolbaşçylyk edýär. Yang Yaowen: «Täze oýlap tapan enjamymyz arzan bahasy bilen tapawutlanýar. Täze nesil durnukly energiýa çeşmesine eýe bolan elektron enjamyny birnäçe ýerde ulanyp bolar. Enjam kiçi göwrüme eýe bolup, energiýa öndürmek üçin has az güýji talap edýär.» – diýip, belleýär.

Ýel turbinasynyň kiçi görnüşine meňzeýän enjam, LED yşyklardaky we batareýalary özünde saklaýar. Bu kiçi ýel turbinasy sekuntda 2-2,5 metre çenli tizlik bilen öwüsýän şemaldan elektrik öndürýär we özündäki batareýalara jemleýär. Enjam dürli binalaryň ýokarsynda, meýdançalarda ulanylyp bilner.

Singapuryň Nanyang Tehnologiýa Uniwersitetiniň alymlaryndan we talyplaryndan düzülen ýörite topar, häzirki wagtda täjirçilik maksady bilen ulanyp boljak kiçi ýel turbinasynyň netijeliligini we energiýa saklaýyş kuwwatyny has-da ýokarlandyrmagyň üstünde işleýär.

Güljeren GELDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok