«OGT-2022»-ä gatnaşmak üçin 20 ýurtdan 250-den gowrak wekil bellige alyndy

Mälim bolşy ýaly 26-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2022) XXVII Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklary bellige almaklyk dowam edýär. Häzirki wagtda, «OGT-2022»-ä gatnaşmak üçin eýýäm 20 ýurtdan 250-den gowrak wekil bellige alyndy. Halkara foruma goňşy ýurtlardan birnäçe ýokary derejeli ministrler gatnaşar, olar plenar mejlislerde çykyş eder.

Forumyň çäklerinde geçiriljek maslahatda «LUKOÝL» kompaniýasynyň wise-prezidenti Dmitriý Timoşenko, «Tatneft»-iň baş direktory Nail Magamow, Mitro International» kompaniýasynyň baş direktory Boris Lewenşteýn çykyş eder.

Foruma gatnaşmak üçin bellige alynmagyň soňky möhleti 16-njy oktýabrdygyny ýatladýarys.

Diana ADAMBAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok