Metanol näme we ol nirelerde ulanylýar?

Metanol alkogolyň bir görnüşidir. Oňa başgaça metil alkogoly (spirti) diýilýär. Onuň düzüm bölegi (formulasy) «CH3OH» görnüşinde ýazylýar. Metanol zäherli bolsa-da, köp ýerlerde ulanylýar. Etil we metil diýen iki topara bölünýän alkogol görnüşi adam saglygy üçin howpludyr.

Metanol örän uçujy bolup, ýapyk gapda saklanmasa howa bilen birleşýär we güýjüni ýitirip başlaýar. Onuň howasyndan uzak wagtlap dem alynsa dem alyş ýollaryna howp salýar. Häzirki wagtda metanol alkogol önümçiliginde ulanylýar.

Metanol suwuk görnüşde bolsa-da, ýakylanda gök alaw döredýär. Onuň gaýnama derejesi 64,6 gradus hasaplanylýar. Metanol diňe bir adam üçin däl eýsem, ähli janly organizm üçin zäherlidir. Onuň 25 mg adamlarda körlüge çenli eltip bilýär.

Metanol 1661-nji ýylda tapyldy we şondan bäri hem senagatyň we himiýanyň dürli pudaklarynda ýangyç öndürmekde, organiki sintezde, madda boýagyny almakda giňden ulanylyp gelinýär. Metanol senagatda kömürturşy gazynyň wodorod bilen täsirleşmesi netijesinde alynýar.

Belläp geçsek, Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde häzirki wagtda metanol bilen işleýän käbir tehnologiki enjamlar döredi. Kosmosa derňew üçin uçurylan astronawtlaryň biri älem giňişliginde az mukdarda metanolyň bardygynyň üstüni açdy.

Söhbet HOJAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň

himiki tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok